Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda «Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak» atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Dünýäniň onlarça döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri esasynda geçirilen bu halkara ylmy-amaly maslahata Russiýadan, Pakistandan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Hytaýdan, Moldowadan, Mongoliýadan, Wýetnamdan, Bangladeşden, Wengriýadan ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy bölüminde çykyş edenler oba hojalyk ýerlerini seljermekde geomaglumatlar ulgamlaryny we «ýaşyl» innowasiýalary ulanmagyň netijeli ýollary, iri şahly mallaryň agramyny uzakdan kesgitleýän täze gurluşlar, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň, olaryň genetikasy we seleksiýasy boýunça iň döwrebap barlaglaryň netijeleri hem-de klimatyň üýtgeýän şertlerinde ýer we suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, topragy goramak we suwaryş ulgamlaryny kämilleşdirmek meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Maslahat «Oba hojalygyny alyp barmak boýunça ekologiki çemeleşmeler», «Suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak», «Ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmak» atly üç bölümde dowam etdi. Bölümlerde çykyş edenler «Akylly meýdan» geomaglumatlar ulgamlary, emeli aň we oba hojalygynda sanly menejment, zeý suwlaryndan, Gün şöhlesinden we oba hojalyk galyndylaryndan alternatiw energiýa almagyň innowasion usullary we zyýankeşlere garşy mör-möjekleri ulanmak, täze bioserişdeleriň we dermanlyk ösümlikleriň önümçilikdäki orny, global maýlamagyň şertlerinde ekinleriň hasyllylygyny saklamak, topragyň erroziýasyna garşy göreşmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek hem-de suwaryş ulgamlarynda emeli aňy we topragyň yzgarlylygyny uzakdan seljerýän sanly datçikleri ulanmak, şaly we gowaça ýetişdirilende suwuň sarp edilişini düýpli azaldýan täze usullar, damjalaýyn suwaryşyň kämilleşdirilen görnüşleri, şeýle-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suwuny netijeli ulanmak, akaba we zeý suwlaryny innowasion süzgüçler arkaly arassalamak, howanyň üýtgemegi we suw gytçylygy şertlerinde derýa basseýnlerini durnukly dolandyrmagyň strategik çözgütleri barada pikir alyşdylar.
Bulardan başga-da, çykyş edenler ýer serişdelerini dolandyrmakda we takyk ekerançylykda emeli aňyň, neýroulgamyň hem-de geomaglumatlar tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça taslamalaryny hödürlemek bilen, bio-kömürden we nano-bölejikleriň «ýaşyl sintezinden» başlap, şaly galyndylaryndan gurluşyk materiallaryny hem-de gök önümlerden tebigy ekstraktlary almagyň ekotehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.