Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Halkara olimpiadanyň ýeňijileri

Jemgyýet
05.04.2024  482

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bu gaznanyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirildi.

Olimpiadanyň dowamynda ýeňijiler kesgitlenilip, olaryň hatarynda Daşoguz welaýatyndan hem Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Begenç Gummanowyň 1-nji orna mynasyp bolup, altyn medal gazanandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Şeýle hem bu olimpiadada şäherdäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Koçkarow, 26-njy orta mekdebiň okuwçylary Rahymberdi Döwletmyradow, Arman Ahmedow 2-nji orny eýeläp, kümüş medala, 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahkambek Hudaýarow, 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Bahar Niýazmetowa dagy 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldular. Bu gazanylan guwandyryjy netijeler berkarar döwletimizde amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Möhüm çäreler guralýar
28.09.2024   303
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   374
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   274
Jemgyýet 12-nji iýun — Ylymlar güni
12.06.2025   290
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   146
Jemgyýet Bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler
05.03.2026   68
Jemgyýet Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda
12.08.2024   411
image