Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Jemgyýet
04.10.2025  120

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda umumadamzat ähmiýetli pikir-garaýyşlardyr geljek üçin möhüm bolan teklipler öz beýanyny tapdy. Bu çykyşda berk deňagramly we howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmek hakynda aýratyn nygtalýar.

Şeýle hem onda: «Dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we meýilleri döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýär» diýlip, halkara gatnaşyklarynyň baş maksady we esasy ugurlary hakynda anyk beýan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä bileleşiginiň belent münberinden sözlän sözünde berkarar döwletimiziň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä diplomatiýasynyň strategik ugry hökmünde şöhlelendirilmek bilen, onuň dünýäde parahatçylygy we adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmekdäki ähmiýetine üns çekilýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi häzirki döwür üçin taryhy we syýasy taýdan örän uly ähmiýete eýedir. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek hakyndaky başlangyjy teklip etmeginden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Taryhy ähmiýetli bu çykyşda hödürlenilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi», Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda, «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň taslamalary bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşy hoşniýetliligi, dost-doganlygy berkitmekde täze başlangyçlaryň badalgasyny, halkara hyzmatdaşlygynyň taryhyndaky täze sahypany alamatlandyrdy.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   349
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   290
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   147
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   429
Jemgyýet Özgertmeler — döwrüň talaby
24.07.2024   333
Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   200
image