Halkara ähmiýetli  möhüm başlangyçlar
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Halkara ähmiýetli  möhüm başlangyçlar

Jemgyýet
17.10.2025  169

Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Bitarap Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürländigini bellemek gerek. Bu babatda alnanda, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýäde we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatyna möhüm ähmiýet berýär. Bu başlangyjyň düýp özeni Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş eden Bitarap Türkmenistanyň öňe süren ençeme teklipleriniň esasynda emele geldi. Bitaraplyk syýasaty halklaryň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bitaraplyk halklary doganlaşdyrmakda we dostlaşdyrmakda, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde nusgalyk tejribäni dünýä ýaýýar. Bu bolsa nurana we bagtyýar geljegiň kepilidir. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak hem sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Şunda ählumumy ynanyşmak kodeksi ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, dünýä meselelerini bilelikde çözmäge we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri arkaly gatnaşyklary ýola goýmaga esas bolup hyzmat eder. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksiniň işlenip taýýarlanmagy Ýer ýüzüniň abadançylygynyň bähbidine oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň biri hem «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek teklibidir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleri özara ynanyşmagyň hem-de parahatçylygy ýörelge edinmegiň kämil nusgasyny döretdiler. Şunda bu möhüm ähmiýetli forum halkara we sebit derejesinde parahatçylykly ýaşaýşyň abadançylyga we gülläp ösüşe ýetirýändigini subut etmekden ybaratdyr. Halklar dost-dogan bolup, parahatçylykda ýaşanda durmuş gülleýär, ykballar galkynýar. Bu babatda Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň taslamasynyň hödürlenilmegi hem şu belent maksatlardan we ýagşy arzuw-umytlardan gözbaş alýar.

Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çeken möhüm meseleleriň biridir. Bu babatda Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamyna degişli birnäçe Kararnamanyň kabul edilendigini hem bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejeli halkara forumda öňe süren başlangyçlarynyň ýene-de biri «2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek başlangyjydyr. Munuň özi durnukly ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini we deňhukuklylyk ýörelgelerini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu başlangyjynyň sebit we halkara derejesinde möhüm ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy hem möhüm ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu derwaýys meselä ylmy taýdan çemeleşmäge we bu babatda halkara tejribesini öwrenmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek we 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek ýaly başlangyçlary hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Halkara gatnaşyklar ulgamyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalaryň hukuk binýadynyň berkidilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu beýik başlangyçlaryň gözbaşynda bolsa halklaryň dost-doganlygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy ýaly döwletli ýörelgeler durýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary
30.07.2024   475
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   164
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
04.09.2025   262
Jemgyýet Halk döredijiliginde bedewiň waspy
20.07.2026   73
Jemgyýet Täze üstünliklere tarap
07.02.2026   166
Jemgyýet Ene mukaddesdir
24.08.2026   49
Jemgyýet Mukaddeslige ygrarlylygyň baýramy
27.01.2026   135
image