Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Jemgyýet
14.08.2024  429

«Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TDP-niň Daşoguz  welaýat, şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan «Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy» diýen şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň demokratik kadalary pugtalandyrmakda uly orna eýedigini bellediler. Şöhratly pederlerimiziň nusgalyk ýoly häzirki täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar. Halkymyzyň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly döwletli ýörelgeleri öz gözbaşyny birnäçe müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Çykyşlarda bular barada giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi babatynda hem öňde durýan anyk wezipeleri kesgitleýär. Şonuň esasynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halka düşündirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem netijeli işleri alyp barýarlar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   278
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   409
Jemgyýet «Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar
25.06.2026   144
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   429
Jemgyýet Çaý
29.07.2025   238
Jemgyýet Magtymguly — halkyň beýik danasy
22.07.2024   455
image