Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga

Jemgyýet
15.08.2024  416

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagy ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen nusgalyk taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we onuň ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz şäher häkimligi, Daşoguz welaýat, Daşoguz şäher halk maslahatlary, TDP-niň we TAP-nyň Daşoguz şäher komitetleri, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi bilelikde guradylar. Maslahata bilim, medeniýet, saglyk, sport ulgamlarynyň, ykdysady toplumyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň halkymyzyň we döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýeti dogrusynda nygtadylar. Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde öňde durýan wezipeleri çözmekde uly gymmaty bellenip, oňa häzirki wagtda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   157
Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   404
Jemgyýet Dil bilmek — kämillik
15.03.2024   409
Jemgyýet Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe tarap
15.08.2025   210
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   310
Jemgyýet Sünnäli işiň ussatlary
23.05.2025   241
image