Halk Maslahaty: döwletli tutumlara badalga
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Halk Maslahaty: döwletli tutumlara badalga

Jemgyýet
04.11.2024  440

Beýik işleriň döwri

Golaýda döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň biridir.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň özlerinde galdyran ýakymly täsirleri, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen geçen döwürde amala aşyrylan işler, olaryň netijeleriniň ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň has ýokarlanmagy üçin möhüm ähmiýeti barada gürrüň berdiler, öz pikir-garaýyşlaryny, guwanç-buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýurdumyzyň şäherdir obalarynda köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlara degişli binalaryň, desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly getirilen mysallar, sanlar her bir adamda uly guwanç, geljekdäki ösüşlere berk ynam döredýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tomus — 2025
11.06.2025   298
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirilýär
19.07.2024   507
Jemgyýet Möhüm waka bagyşlandy
08.08.2025   238
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
05.08.2026   93
Jemgyýet Täsirli geçen okuw maslahaty
24.04.2026   142
Jemgyýet Baky bagtyň mekany
16.02.2026   174
Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   184
image