Halk Maslahaty: beýik işlere badalga
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Halk Maslahaty: beýik işlere badalga

Jemgyýet
08.10.2024  351

Belent maksatlara uly ynam bilen

Döwlet berkararlygymyzyň şanly senesiniň hem-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata häkimligiň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň başlyklary, welaýatyň edara-karhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda, ilki bilen, Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk hem ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Hormatly il ýaşululary Henip Zahyrow, Bazarbaý Togsanow, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Arazbibi Kulyýewa, Mejlisiň deputaty Aýgözel Gutlyýewa, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, şäher halk maslahatynyň başlygy Allanazar Garajanow, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Meýlis Geldiýew, welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň hünärmeni Allamyrat Öwezow, Görogly etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Soltanbagt Rejepowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrülen umumymilli forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy çykyşynda döwletimiziň ösüşini, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny pugtalandyrjak tutumlary öz içine alýan belent maksatlary beýan etmeginiň öňde täze wezipeleri kesgitleýändigi barada giňişleýin nygtaldy. Hemişe halky bilen el-ele berip, ýurdumyzy belent ösüşlere alyp barýan Türkmenistanyň  Prezidentiniň beýik işleri bilen şöhratlanýan şu ýylymyzda durmuşa geçirilen tutumlar, gazanylan üstünlikler barada çykyş edip, täze maksatlaryny beýan etmeginiň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň doly durmuşa geçýändigini alamatlandyryp, kalplarda uly ynamy berkidýändigi barada buýsançly söhbet edildi.

Türkmenistanyň  Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýaşuly nesliň wekillerine hormatly atlary dakmak, zähmet adamlarynyň uly toparyny baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglamak ýaly asylly ýörelgeleriň adam hakdaky aladanyň, onuň döwlet durmuşyndaky ornunyň uly hormat bilen dabaralandyrylýandygyny açyp görkezýän asylly başlangyçdygy uly buýsanç bilen aýdyldy.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna biragyzdan Ýüzlenme kabul etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ilaty durmuş taýdan goramagyň kepili
22.10.2025   120
Jemgyýet Keşdeçiler bäsleşdiler
04.11.2025   129
Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   332
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   317
Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   160
Jemgyýet Baky buýsanjymyz
05.05.2025   215
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik taglymaty
17.06.2025   230
Jemgyýet Usuly-amaly okuw
13.01.2026   87
image