Möhüm ähmiýetli çärä bagyşlanan maslahatlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek bellenildi.
Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy ähmiýetini, maşgala mukaddesligini we milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi.
Maslahata mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, welaýat zenanlar bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler milli ýörelgelerimize esaslanýan ösüşleri, öňde duran wezipeleri seljermekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede, guramaçylykly taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler dogrusynda gürrüň etdiler. Halk köpçüliginiň arasynda Halk Maslahatynyň döredilmeginiň ähmiýeti, onuň mejlislerinde jemgyýetçilik durmuşyna degişli wezipeleriň ara alyp maslahatlaşylýandygy dogrusynda belläp geçdiler.
***
Berkarar döwletimizde demokratik däpleri ösdürmekde, milli we döwletlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň örän uly orny bar. Möhüm ähmiýeti bolan bu syýasy-jemgyýetçilik çärä bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň giň gerimli işleri geçirýändigini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem bu möhüm ähmiýetli çärä bagyşlandy.
Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda rowaçlanýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Halk demokratiýasynyň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanyna öwrüljek umumymilli forum ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar.