Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur

Jemgyýet
27.08.2026  53

Geňeşli iliň döwletli ýoly

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, täze özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryny berkitmän, eýsem, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadydyr. Geljekde öňümizde durýan belent maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda döwlet häkimiýet edaralaryna, esasan-da, halka wekilçilik edýän edaralara, milli parlamente uly orun degişlidir. Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri hem döredilýär.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr. Gadymy döwürlerden bäri halkymyz il-ýurt bähbitli işlere badalga berjek bolanda il içinde sylanýan, hormatlanýan adamlary ýygnap, maslahat edip, döwletli işleri maslahatlaşyp çözüpdir. Şol maslahatly çykarylan netijeler obalaryň arasynda suw, ýer, mal ýa-da adamlaryň şahsy durmuşynda ýüze çykýan meseleleri akylly-başly çözmäge ýardam beripdir. Ata-babalarymyzyň durmuş mekdebinde döreden nakyllary, ýol-ýörelgeleri, adamçylyk sypatlary goňşy arasynda, oba arasynda, hatda ýurtlar arasynda hem döräp biläýjek dawa-jenjelleri parahatçylyk ýoly bilen çözmäge ýardam berip, şol durmuş kadalary biziň şu günki günlerimizde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly şygarlary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwrebap merkezde sapaly dynç alyş
05.06.2025   307
Jemgyýet Täze ösüşlere badalga
14.01.2026   161
Jemgyýet Sagdyn bedende — sagdyn ruh
03.04.2026   142
Jemgyýet Edep-terbiýe ýörelgesi
14.11.2024   409
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik geljegini gurujylar
20.08.2025   230
Jemgyýet Kanuny döwlet
05.12.2025   199
Jemgyýet Kämilligiň açary
12.06.2026   143
image