Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur

Jemgyýet
05.08.2026  66

Milletiň jebisliginiň nyşany

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TZB-niň Daşoguz şäher bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Halk maslahaty — rowaçlyklara beslenýän ýörelge» ady bilen geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, orunbasarlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek, ilatyň degişli wekilleriniň bu umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen guralan duşuşykda halkymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik ýörelgelerine esaslanýan Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýeti barada çykyşlar guraldy.

Çykyşlarda umumymilli forumda wajyp meseleleriň halk bilen geňeşilmeginiň hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatynyň durmuş hakykatynyň beýanydygy, onda kabul ediljek çözgütleriň döwletimiziň beýik geljeginiň röwşen bolmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigine garaşylýandygy bellendi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýäde Täze ýylyň garşylanyşy
26.12.2025   163
Jemgyýet Hünäre hormatyň beýany
19.02.2025   349
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
26.11.2024   431
Jemgyýet Hurma
04.06.2025   289
Jemgyýet Umyt uçgunlary
09.05.2025   319
Jemgyýet Bagtyýar durmuş - ömre dowamat
29.07.2026   78
Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   209
Jemgyýet Döwrebap merkezde okuw sapagy
04.06.2025   276
image