Halk döredijiliginde bedewiň waspy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Halk döredijiliginde bedewiň waspy

Jemgyýet
20.07.2026  98

Geçmişimiziň ähli döwürlerinde özüniň owadanlygy gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy, düşbüligi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewlerimize uly sarpa goýlup gelnipdir. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Goňurdepeden tapylan atyň daşdan ýasalan heýkeljigi, Altyndepede we Ulugdepede ýüze çykarylan at heýkeljikleri bolsa ýurdumyzda atşynaslygyň gadymy döwürlerden bäri uly ünse eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, dessanlarda ata-babalarymyzyň aýtgylarynda we rowaýatlarynda Düldül ata bolan ynam has meşhur. Atamyň gürrüň beren rowaýatyna görä, Düldül Alynyň aty bolup, ol atlaryň piri hasaplanypdyr. Hezreti Aly Düldül aty bilen ençeme söweşlerde uly ýeňişleri gazanypdyr. Düldüliň toýnagynyň yzy galan diýlip hasap edilýän içi oýuk uly daş bar. Döwletimiziň çäginde onuň bilen baglanyşykly «Düldül at depesi», «Düldül ätlän», «Düldül çeşme» ýaly geografik atlaryň bolmagy, bu bedew atyň şöhratynyň, at-owazasynyň äleme ýaýrandygyny açyk aýdyň görkezýär. Halk döredijiliginde bedewlerimiz hemişe asyllylyk we wepalylyk häsiýetlerine eýe bolup, öz eýesiniň goragçysy, hemaýatkäri hökmünde görkezilýär. Şeýle-de halkyň arasynda düýşüňde ata münseň ähli arzuw-islegleriň hasyl bolýarmyş, düýşde at görmek döwletlilikden nyşandyr diýip ynanylypdyr. Bedew atlarymyz dogrusynda dörän nakyllar, dürdäne setirler halkymyzyň bedew atyna bolan buýsanjynyň, söýgüsiniň beýanydyr. «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyraty onuň toýly gününde-de, gussaly gününde-de hemrasy diýlip görkezilýär. Halk döredijiliginde, halk äheňlerinde monjugatdylarda, lälelerde, enelerimiziň hüwdülerinde bedewleriň waspy giňden beýan edilýär.

Matallarda bedewiň şaý-esbaplary şeýleräk beýan edilýär.

 

Basan ýerim boý çukur,

Oturan ýerim oý çukur,

Bir elimde aldyrgyç,

Bir elimde doldurgyç.

(Jogaby: üzeňňi, eýer, uýan, gamçy).

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen bedewiniň at-owazasy älem jahana ýaýyldy. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerilip, türkmen atşynaslyk sungaty uly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Olarda halkara derejeli atly sport ýaryşlary, at çapyşyklary geçirilýär. Türkmen bedewleriniň dünýä derejesindäki ýaryşlarda, abraýly bäsleşiklerde gözelligiň, ýyndamlygyň nusgasyny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy biziň göwün guşumyzy göge ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Saglygym- baş baýlygym
03.03.2026   149
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli ýoly
08.08.2024   440
Jemgyýet Eli tagamly çeper gyzlar
22.03.2024   560
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   223
Jemgyýet Galkynyşyň ak ýoly
23.04.2026   160
image