Halk bähbitli tutumlar
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Halk bähbitli tutumlar

Jemgyýet
31.07.2026  46

Şeýle şygar bilen «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda dabaraly söhbetdeşlik geçirildi. Daşoguz şäherindäki Ýaşlar merkezinde geçirilen bu söhbetdeşlik mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaralandyrmaga hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçen Halk Maslahatynyň Prezidiumynda kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet berkararlygymyzyň ýubileý senesine döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazanmak bilen sowgatly barylýandygy buýsanç bilen bellendi. Ýurdumyzyň durmuşynda, ykdysady ösüşinde ýokary sepgitleriň berkidilmeginde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýeti, onuň şanly toýuň öňüsyrasynda geçirilmeginiň pederlerimizden dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriň dabaralandyrylýandygyny açyp görkezýändigi nygtalyp geçildi. Bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalaryň türkmen döwletiniň hem halkynyň asuda durmuşyny, gülläp ösüşlerini, halkara derejesindäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak häsiýetine eýe boljakdygyna häzirki wagtdaky belent tutumlaryň uly esas döredýändigi anyk mysallara salgylanyp gürrüň edildi. Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini, gymmatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary dabara ruhubelentlik eçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Joşguna beslenen dabara
25.06.2025   274
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1156
Jemgyýet Şa serpaýy — belent hormat
18.12.2025   155
Jemgyýet Ylmyň gadymy mekany
12.06.2025   258
Jemgyýet Sünnäli işiň ussatlary
23.05.2025   275
Jemgyýet Milli mirasym — mertebäm
01.10.2024   364
Jemgyýet Gymmatly ruhy-hazyna
02.01.2026   164
Jemgyýet Zamana buýsanjyň beýany
07.02.2025   358
image