Halal gazanç — rysgal-döwlet
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Halal gazanç — rysgal-döwlet

Ykdysadyýet
29.07.2024  224

Halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýen paýhasly söz bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary üçin bu, hakykatdan hem, şeýle boldy. Olar şu ýyl Watan harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazandylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Karary kabul etdi. Şonuň netijesinde-de, kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň yhlasly zähmet çekip, has-da uly girdeji almaklaryna şert döredildi.

Şeýlelikde, gallaçy daýhanlaryň döwlet harmanyna goşan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Kärendeçileriň gazanan girdejileri kart hasaplaryna yzygiderli geçirilip, bökdençsiz ellerine almaklary üpjün edilýär. Bu hem öz oňat netijelerini berip, işleriň öňe gitmegine ýardam berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Daşoguz welaýat we etrap şahamçalary tarapyndan gallaçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek işi dowam edýär. Ýadawsyz zähmetleri bilen rysgal-döwlete eýe bolan gallaçy daýhanlar öz halal gazançlaryny ýüzlerine sylýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   196
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   206
Ykdysadyýet Mugallymyň bagy
22.08.2024   242
Ykdysadyýet Bereket-bolçulygyň binýady
03.09.2025   131
Ykdysadyýet Gurluşyk önümleri öndürilýär
28.08.2024   237
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   149
image