Hakyň peşgeşi
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Hakyň peşgeşi

Jemgyýet
10.03.2025  377

Halkara zenanlar güni  Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, 103 ýaşly ene Amansoltan Kakabaýewanyň durmuşynda goşa baýram, goşa toý hökmünde indi asyr gowrak wagt bäri has giňden bellenilýär. Amansoltan enäniň 11 ogul-gyzyndan 28 agtygy, 50 çowlugy, 3 ýuwlugy bar. Neberelerini töweregine üýşürip, olara görüm-göreldäniň, asylly ýörelgäniň nusgasyny görkezýän enäniň bagtyýarlygy çäksiz.

— Ömrümiň iň ajaýyp döwri bu. Şeýle döwranda ýaşap, kän gowulyklara şaýat bolaryn diýen umydym ýokdy. Alla ömür berip, ýaşadygyňça ýaşasyň gelýän döwre ýetseň, onuň gadyram, bagyş edýän lezzetem, güýç-kuwwatam başgaça bolýan eken. Gahryman Arkadagymyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdar oglumyň saýasynda neberelerime guwanyp ýaşaýaryn. Her günki gowy täzelikleri gürrüň berýärler, ýurdumyzyň ösüşlerine, eşretli durmuşymyza tüýs ýüregimden guwanýaryn — diýip, ene buýsanjyny paýlaşdy.

Amansoltan ene üçin goşa baýramçylyk gününde TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň wekilleri onuň döwletli ojagynda myhmançylykda bolup, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Abadançylygyň kepili
15.09.2025   237
Jemgyýet Döwrüň belent waspy
18.06.2026   116
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.03.2026   143
Jemgyýet Bosagada — täze okuw ýyly
03.08.2026   105
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   231
Jemgyýet Dabaraly maslahat
20.08.2024   397
Jemgyýet Ulgamy ösdürmegiň wezipeleri
14.02.2025   395
image