​​​​​​​Hakyda hatyrasy
weather dashoguz 6° C Daşoguz

​​​​​​​Hakyda hatyrasy

Jemgyýet
06.10.2026  79

Gadymy hem gymmatly ýörelgelerine sarpa goýýan halkymyz täze taryhy döwrümizde ony has-da rowaçlandyrýar. Pederlerimiziň şu günlerimize gelip ýeten däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň hatarynda Watan ogullaryny sarpalamak, olaryň hatyrasyny belent tutmak ýaly gymmatly ýörelgelerine bu günki gün uly ähmiýet berilýär. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Gökdepe söweşinde şehit bolan gahrymanlaryň we Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hormatyna Hatyra güni bellenip geçilýär. Bu başlangyç halkymyzyň aslyhalallyk ýörelgelerinden gözbaş alyp, häzirki bagtly durmuşymyz, Watanyň her daban ýeri üçin gurban bolan gahrymanlar hasrat bilen hatyralanýar.

Bu senäniň ir säheri gözel paýtagtymyzda bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýerleşen «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine, welaýat, etrap, şäher merkezlerindäki «Baky otlara» gül goýmak bilen, milletiň ogullarynyň hatyrasy belent tutulýar, metjitlerde sadakalar berlip, aýat-töwir okalyp, olaryň ruhlarynyň şat, dünýämiziň abat bolmagy dileg edilýär.

Döwürleriň hem nesilleriň arasyndaky synmaz bitewülige öwrülen bu ýörelgeler milletimiziň beýikliginden habar berýär. Her işde geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän maksatlaryň bir mazmunda jemlenmegi döwletimiziň asuda hem parahat durmuşyna, halkyň abadan ýaşaýşyna ýagty ertirlerine bolan ynamy has-da berkidýär.

Watan gahrymanlarynyň edermenligi bilen, türkmen milleti bu günki gün tutuş dünýä parahatçylygyň nuruny ýaýýan başlangyçlary bilen çykyş edýän döwletde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz beýik ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň we tutuş adamzat jemgyýetiniň bagtyýar ýaşamagy we gülläp ösmegi üçin maksatnamalaýyn wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa aslyhalallyk ýörelgelerinden gözbaş alýan  halkymyzyň gurmak, döretmek, belent sepgitleri tarap ýoly bilen  öňe gitmek baradaky öňde goýan asylly maksatlarynyň myrat tapýandygyny doly açyp görkezýär.

Hatyra gününde berýän sadakalaryňyz, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kanagat
30.12.2024   406
Jemgyýet «Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar
25.06.2026   170
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   493
Jemgyýet Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka
18.07.2025   325
Jemgyýet Pähim-paýhasa hormat
01.10.2025   240
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   172
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   417
image