Täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän özgertmeler halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrýar, bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün edýär, ömür dowamlylygyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigini aramyzda asyra ulaşan ömri bilen görelde mekdebi bolup ýaşaýan ildeşlerimizi mysal getirmek arkaly delillendirip bolýar. Şolaryň biri Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy 101 ýaşly ene Kempir Saryýewadyr.
Hakdan halatly ene 1924-nji ýylda Şabat etrabynyň Garaporsaň obasynda eneden bolýar. Enäniň çagalygy gowy günlerde geçýär, hemişe mähriban käbesiniň göreldesine eýermek bilen, ukyply, başarjaň bolup ýetişýär. Kempir Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 8-nji mart geňeşliginiň ýaşaýjysy Meretgeldi Saryýew bilen durmuş gurýar. Bir-birine düşünişip ýaşaýan ýaşlar guşçulyk sowhozynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, köplere görelde bolýarlar.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň halkyň başyna düşen gahatçylyk döwründe hem Kempir ýanýoldaşy bilen bilelikde tyl zähmetinde gije-gündize parh goýman işläp, köpleriň hatarynda ýeňşiň ýakynlaşmagyna ýakyndan ýardam berýär. Halal zähmete berlen ýaş maşgalada ilki-ilkiler perzent dagy öz labyryny salýar. Ýürekde birsydyrgyn ynja öwrülen aladany hemişe zähmet çekmek bilen ýeňip gelen maşgalada köp ýyldan soň ilki ogul, soň gyz perzent dünýä inýär. Kempir ene ýanýoldaşynyň ýakyndan berýän goldaw-hemaýaty bilen perzentlerini ilhalar ynsanlar edip ýetişdirýär.
Enäniň Şabat etrabyndaky 29-njy orta mekdepde mugallym bolup işleýän gyzy Aýnabat Saryýewa enäniň durmuşy barada şeýle söhbet berýär:
— Dädem bilen ejem hemişe gowy durmuşda ýaşap gelipdirler. Biz muny öz çagalygymyzdan, ýaşlygymyzdan, hatda häzirki günlerimizden gaty gowy bilýäris. Dädem dünýeden ötensoň, biziň bar keşigimizi ejemiň özi çekýär. Ähli aladany diňe halal zähmet bilen ýeňip geçmegi ömrüne ýörelge edinen ejem üçin erkek doganymyň hem-de onuň ýaňy bir maşgala bolan gyzynyň biwagt aramyzdan gitmegi uly ýitgi bolup, egninden basýar. Hemişe süňňi sagat halda, gowy ýagdaýda gezip ýören ejeme durmuşyň bu şarpygy gaty agyr degýär. Şonuň üçin biraz ýarawsyzlyk tapyndy diýäýmeseň, ejem janyň işdäsi, eşidişi, görüşi, özüni duýuşy gaty gowy. Aramyzda teperrik bolup ýaşap ýören ejem jan gözümiziň guwanjy, maslahatlary durmuş ýolumyza şamçyrag.
Häzirki wagtda Kempir enäniň 6 agtygy, 10 çowlugy bar. Ene neberelerine guwanýar hem buýsanýar. Şolaryň yhlasdyr aladasynyň, esasan hem, owadan hem abadan ýurdumyzyň, hormatly Prezidentimiziň özleri hakdaky aladalarynyň durmuşy has süýjedip, ýene-de Alla ömür berse, ýaşamaga höwesi artdyrýandygyny aýdýar.
Enäniň döwletli ojagy çagalaryň gülki seslerinden alaýaz bolup dur. Bu ýagdaýlary daşyndan synlap, enäniň ýene-de ýaşamaga höweslidiginiň sebäbine soraman düşünibermeli. Çünki ömür ömri ömür edýänler bilen uzalýar.