Gyzykly ýaryş
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Gyzykly ýaryş

Sport
02.12.2025  132

Golaýda Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde sportuň basketbol görnüşi boýunça şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda örän gyzykly ýaryş geçirildi. Ony Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, TDP-niň şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar.

Ýaryşyň jemlerine görä, oglanlaryň arasynda 6-njy orta mekdebiň basketbolçylary üstünlikli çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldular. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji hem-de 29-njy orta mekdepleriň basketbolçylary, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelediler.

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 6-njy orta mekdebiň basketbolçy gyzlar toparyna birinji, 29-njy orta mekdebiň toparyna ikinji we 5-nji orta mekdebiň toparyna üçünji orunlar degişli boldy.

Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Da\oguz welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Şadyýan tomus
01.07.2024   303
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
03.09.2024   258
Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   347
Sport Ýaş türgenleriň üstünligi
26.02.2025   265
Sport Sport — sagdynlygyň binýady
15.02.2023   389
image