Gyzykly gezelenç çäresi
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Gyzykly gezelenç çäresi

Jemgyýet
12.07.2024  436

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşi ýaş nesilleriň halkymyzyň medeni-ruhy mirasyna bolan hormat-sarpasyny artdyrmak, şeýle hem olary türkmen halkynyň döreden bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, guramanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişden geljege ýagty ýadygär — medeni mirasym dünýä ýaň salýar» atly gezelenç çäresini gurady.

Gezelenç çäresine gatnaşanlar halkymyzyň ruhy, medeni gymmatlyklary, türkmen döwletiniň şöhratly taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, bitiren hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyz, ýurdumyzda gurulýan önümçilik we durmuş maksatly döwrebap desgalardyr binalar dogrusynda gürrüň berýän maglumatlar, suratlar, milletimiziň şanly geçmişi  barada söz açýan arheologik tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Nesillere nusgalyk eser
05.01.2026   138
Jemgyýet Özgerişlere bagyşlanan maslahat
28.04.2026   87
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
26.11.2024   420
Jemgyýet Möhüm wezipeler kesgitlenildi
28.03.2026   111
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   349
Jemgyýet «Talyp joşguny» bäsleşigi geçirildi
07.12.2024   339
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
16.01.2025   487
image