Gyzykly geçen ýaryşlar
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gyzykly geçen ýaryşlar

Sport
14.07.2025  222

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalar ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly, şatlykly pursatlara besleýärler. Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin niýetlenen şeýle ajaýyp merkezleriň biri hasaplanylýar. Merkezde dynç alyş 3 tapgyr boýunça guralyp, her tapgyrda 300 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda ikinji tapgyr dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, ýörite gurnaklar, kitaphanalar bar. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sport ýaryşlarydyr bäsleşikleri ýygy-ýygydan guralýar. Bu hem ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmegi babatda uly goldawdyr. Welaýatyň çägindäki taryhy ýadygärliklere, gadymy galalara guralýan gezelençler hem körpeleriň ýadynda galýan pursatlardyr.

Ýakynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistan «Ýaşlar» bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Irki sport maşklaryny ýerine ýetirip, bedenlerini taplan çagalar futbol, woleýbol, basketbol, tennis, ýaglyga towusmak, tanap çekmek, çekişme, küşt we şaşka boýunça özara ýaryşdylar. Gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşlarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Sport çärelerine işjeň gatnaşan çagalara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Açyk birinjilik ugrunda
04.02.2025   241
Sport Sport
17.06.2025   194
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   272
Sport Spartakiadanyň çäklerinde
12.01.2026   75
Sport Sport saglykdyr
12.07.2024   443
Sport Erjel türgeniň üstünligi
30.12.2022   1017
Sport Şäheriň birinjiligi ugrunda
23.09.2024   250
Sport Spartakiadanyň çäklerinde
05.11.2024   317
image