Gyzykly geçen ýaryş
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Gyzykly geçen ýaryş

Sport
23.11.2024  349

Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi.

Oňa welaýatyň ähli etraplaryndan we Daşoguz şäherinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda geçirilen ýaryşda iň köp utuk toplan Daşoguz şäheriniň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

image