Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen

Jemgyýet
21.01.2025  413

Halkymyzda ahlak gymmatlyklary ynsan ömrüniň bezegi hasaplanylýar. Ene öz gyzyna görelde mekdebi bolup, ýaşlykdan onda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýär. Gyzyň edep-ekramly bolup ýetişmegi enäniň eden yhlasyna, zähmetine, dogry terbiýesine baglydyr. Gyz perzende «göwün hoşy» diýilýär. Gyz maşgala degişli «Gyzly öý — gyzylly öý», «Gyzly öýde iş galmaz», «Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen», «Gyza altyn tagt dileme, barmak boýy bagt dile!» ýaly ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp atalar sözleri bar. Paýhasly ene-mamalarymyz gyz perzendi dünýä inenden, ony uly aladalar bilen gurşapdyrlar. Gyz perzendiň asylly, edep-ekramly, mylakatly, saýhally, şeýle hem eli hünärli, işeňňir bolup ýetişmegini gazanmak ene-atanyň borjy hasaplanypdyr.

Ene-mamalarymyz gyz çaga eli iňňe tutup başlan gününden başlap, «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän inçe sungatyň tärlerini öwredýärler. Gyz maşgalanyň oturyşy-turşy, el işini ýerine ýetirişi hem halkymyzyň synçy nazaryndan sypmaýar.

Süňňi sagat, lebzihalal, edep-ekramly, hoş gylyk-häsiýetli, gözel ahlakly nesli ösdürip ýetişdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Çaga dogry terbiýe bermegi başarmak durmuşa giňden düşünmegi hem-de ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Adamda ýaramaz endikleriň bolmagy, köplenç halatda, çagalykda berilýän ýalňyş terbiýäniň netijesi bolup durýar. Terbiýäniň iň ýagşysynyň görelde görkezmekdigine esaslanýan milli terbiýeçilik ýörelgelerimiz bar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   40
Jemgyýet Arşyň ganaty — döwrüň şöhraty
27.04.2026   38
Jemgyýet Milli buýsanjymyz, belent mertebämiz
25.02.2026   65
Jemgyýet Dabaraly maslahat
12.09.2025   154
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   324
Jemgyýet Bagtyýarlykdan görklenýän obalar
04.09.2025   187
Jemgyýet Milli mirasyň buýsançly waspy
17.10.2024   341
image