«Gyş suwy — gyzyl...»
weather dashoguz 8° C Daşoguz

«Gyş suwy — gyzyl...»

Ykdysadyýet
04.02.2025  191

Halkymyzda ata-babalarymyzdan galan «Gyş suwy — gyzyl suw» diýen paýhasly söz bar. Ol şu döwürde suwdan gandyrylan meýdanyň berekediniň, hasylynyň has artyk bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem bu çäre oba hojalygynda gaýragoýulmasyz, derwaýys işleriň biri hasap edilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bol pagta hasylyny kemala getirmek ugrundaky aladalara agzybirlik bilen girişen Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary hem bu möhüm çäräni giňden ýaýbaňlandyrdylar. Munuň şeýledigini häzirki günlerde olaryň meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak babatdaky ýadawsyz zähmetleriniň netijeleri-de aýdyň görkezýär. Ýagny häzirki wagtda şu ýyl gowaça ekilmegi göz öňünde tutulýan atyzlaryň aglabasynda bu çäräniň göwnejaý geçirilendigini synlamak mümkin.

Bu möhüm agrotehniki çäräniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginde-de öndürijilikli iş alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu ýerde ilkinji ýuwuş suwunyň tutulan meýdanlarynyň gektar sany günsaýyn artýar. Daýhan birleşiginiň çäginde endigan tekizlenilip, çiller arkaly kölçelere bölünen atyzlardaky görnüşler muňa doly şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň baharynda hojalykda 950 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagta çenli şonuň 350 gektara golaýynda ilkinji ýuwuş suwy tutuldy. Şu günler bu çäre her günde 25 — 30 gektar meýdanda geçirilýär. Ýuwuş suwuny tutmagyň depgininiň artdyrylmagy üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylmaga çalşylýar.

Birleşigiň Arazbaý Kakajanow, Arazgeldi Wellekow, Baýramgeldi Nepesow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1, 4, 5-nji kärendeçiler toparlarynda ýuwuş suwuny tutmak işlerini has-da öndürijilikli dowam etdirilýär.

Kärendeçi daýhanlar gyş suwunyň ähmiýetine örän oňat düşünýärler. Çünki olaryň köpüsiniň ene toprakdan bereketli pagta hasylyny öndürmekde ýeterlik tejribeleri bar. Şondan peýdalanyp, kärendeçiler ýuwuş suwuny tutmaga öňdäkileriň hatarynda girişdiler. Nesip bolsa, ýakyn günlerde bu işiň ilkinji tapgyryny doly tamamlarlar.

Birleşigiň kärendeçi daýhanlarynyň öz işlerine bolan höwes-hyjuwlary belent. Bu hem ajaýyp ýylymyzy üstünliklere beslejekdigine ynamymyzy  artdyrýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   227
Ykdysadyýet Päk zähmetiň belent hormaty
08.11.2025   90
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   194
Ykdysadyýet Ata kesbine eýeren bagban
15.10.2024   236
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   190
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   172
Ykdysadyýet Raýat goranyşyna bagyşlanyldy
25.01.2023   361
Ykdysadyýet Bereket önýän meýdanlar
27.06.2024   251
image