Gyrgunan
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Gyrgunan

Jemgyýet
30.12.2024  425

Ýellerden ýüwrüksiň, hyýaldan ýyndam,

Taýyň bolmaz, bäs edere Gyrgunan.

Taryhyň gadymy, tarypyň aýdym,

Doldy çawyň bu illere, Gyrgunan.

 

Uly-uly aýlawlary baglarsyň,

Ýeňiş bilen göwünleri çaglarsyň,

Atoglanyň ýigit göwnün awlarsyň,

Aýlaw saňa şan-dereje, Gyrgunan.

 

Çapanyňda dartyp ýeriň tanapyn,

Hakla bu gün ussat seýsiň azabyn,

Soňra diňle şahyryň bu gazalyn,

Tarypyň bar wasp edere, Gyrgunan.

 

Aýak urşuň jilwemidir, näzmidir,

Tutuş durkuň bir ajaýyp sazmydyr,

Atlansam gerşiňe, göwnüm ýazmydyr,

Seleň sähra seýil edeli, Gyrgunan.

 

Aýlawlarda alanyňda baýragy,

Seýsiň hem Arşa galýar abraýy,

Görküň bilen beze toýdur baýramy,

At agnasa — toý-dabara, Gyrgunan.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Beýik işlere buýsanç
05.07.2025   250
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
19.09.2024   449
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   282
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   210
Jemgyýet Belent buýsanjyň nyşany
01.01.2025   353
image