Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna

Jemgyýet
06.01.2025  395

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň, TAP-nyň şäher komitetiniň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, Mejlisiň deputatlary, şäher halk maslahatynyň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň täze eseriniň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza gowuşmagynyň uly many-mazmuna eýe bolandygyny, Milli Liderimiziň şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny bu kitaba ýerleşdirip, ony «Hakyda göwheri» diýip atlandyrmagynyň halkymyzy has-da buýsandyrandygyny bellediler. Kitabyň many-mazmuny, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti hakynda bellediler. Türkmen we iňlis dillerinde çap edilen bu eseriň diňe bir taryhy maglumatlara baý gymmatly çeşme bolmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurt raýatlaryna hem halkymyzyň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigi dogrusynda nygtadylar.

Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
06.11.2024   453
Jemgyýet Milli sportuň dabaralanmasy
08.11.2024   421
Jemgyýet Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe tarap
15.08.2025   263
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   389
Jemgyýet Mizemez ýörelgä ygrarlylyk
15.02.2025   348
Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   462
Jemgyýet Geljegiň ygtybarly binýady
28.05.2024   505
Jemgyýet Beýik işlere buýsanç
05.07.2025   250
image