Gymmaty egsilmejek hazyna
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gymmaty egsilmejek hazyna

Jemgyýet
16.10.2025  107

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlary toýa ulaşýan halkymyzy begendirýän-guwandyrýan wakalar yzygiderli bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň neşir edilmegi şanly wakalaryň üstüni ýetirip, buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň saglygy  goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gymmatly sowgat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň dowamy bolmak bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsinde gabat gelýän, keselleri bejermekde gymmatly, şypaly hazyna hasaplanylýan ösümlikleriň 107 sanysynyň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlary berýär. Şoňa görä-de, türkmen topragynda bitýän bu ösümlikler baradaky özboluşly işiň köp dillere terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna ýetirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň döreden, pederlerimiziň milli lukmançylygy ösdürmekdäki paýhasyny, tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki döwürde gazananlaryny özünde jemleýän bu kitaby olar bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Onda dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügiň, dermanlyk demlemeleri taýýarlamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri hakyndaky maglumatlaryň ýerleşdirilmegi aýratyn gymmatlydyr.

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda bolsa «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda amala aşyrylan işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler hakynda gürrüň berilýär. Bu täze kitap jemi 22 bölümden ybarat bolup, ol «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» diýen bölümler bilen açylýar. Onda Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalary, olaryň ähmiýeti, halkymyz üçin döredilýän oňaýly şertleri hakyndaky ýörite bölümiň bolmagy her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çap edilmegi onuň okyjylarynyň sanynyň has-da artjakdygynyň güwäsidir.

 

 

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   74
Jemgyýet Bagtyýar zenanlaryň üstünligi
23.10.2025   187
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   284
Jemgyýet «Awazada» guralan okuw maslahaty
04.03.2025   284
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   249
Jemgyýet Belent maksatly Watan
01.01.2026   81
image