Gymmatly ruhy hazyna
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gymmatly ruhy hazyna

Jemgyýet
07.01.2026  83

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda hem geçirildi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, pudaklaýyn utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa, «Daşoguztaslama» taslama institutynyň hünärmeni, KA-nyň  ilkinji guramasynyň başlygy Sapa Ahmedow, döwlet edaralary işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň hasapçysy Tyllagözel Amanmädowa dagy çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda täze kitabyň çuň mazmuny, taryhy ähmiýeti dogrusynda söhbetlere aýratyn orun berildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň esasynda dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy dabaralandyrýan hem-de wagyz edýän şeýle ajaýyp eseri sowgat edendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
05.05.2025   260
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
04.10.2025   132
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   284
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
26.02.2026   57
Jemgyýet Galkynyşyň ak ýoly
23.04.2026   38
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
04.09.2025   180
Jemgyýet Ruhubelentlige beslendi
09.10.2025   143
Jemgyýet Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
05.04.2025   313
image