Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda hem geçirildi.
Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda guralan çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň çuň mazmuny, taryhy ähmiýeti dogrusynda söhbetlere aýratyn orun berildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň esasynda dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy dabaralandyrýan hem-de wagyz edýän şeýle ajaýyp eseriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.