Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi

Jemgyýet
12.04.2024  436

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny wagyz etmek maksady bilen, «Doganlyk halklaryň umumy abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň binýady» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde guramagynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň kiçi mejlisler zalynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklaryndan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ajaýyp toý sowgady bolandygy dogrusynda nygtadylar.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şular ýaly çuň manyly, agzybirlige, dostluga, parahatçylyga çagyrýan kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny, janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
13.07.2024   436
Jemgyýet Döwrebaplygyň we gözelligiň nusgasy
16.06.2025   226
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   319
Jemgyýet Baýramçylygyň taryhy
21.12.2024   358
Jemgyýet Anyk wezipelerden ugur alnyp
05.09.2025   215
Jemgyýet Adam hakdaky alada
30.07.2025   176
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   192
image