Guwlar gelipdir...
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Guwlar gelipdir...

Medeniýet
21.05.2026  148

Bir şahyryň goşgusynda şeýle setirler bar: «Aşgabat kölüne guwlar gelipdir, Ýör gideliň, guwlar bilen salama...». Bu şygra döredilen aýdym hem halkymyzyň arasynda örän meşhurdyr.

Hakykatdan hem guwlar biziň edebiýatymyzda köp taryplanan guşlaryň biridir. Munuň esasy sebäbi bolsa olaryň ýurdumyzyň deňiz-derýalarynyň, bir söz bilen aýdylanda, gözel tebigatymyzyň gaýtalanmajak bezegidiginden ybaratdyr.

Guwlar, köplenç, ýurdumyzyň üstünden uçup geçýär ýa-da gyşlamaga gelýär. Şonuň üçin olary «myhman guşlar» diýip atlandyrmak hem bolar. Türkmenistana olaryň 3 görnüşi gyşlamaga gelýär. Olar tauti, sohra, tundra guwlarydyr.

Bu guşlar beýlekilere garanda gyşlamaga has giç gelýär diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa olaryň käbiri awgust aýynda hem Hazar deňziniň çäklerinde duşýar. Olaryň köpçülikleýin uçup geçmegi, düşlemegi bolsa bu deňziň demirgazyk böleginiň, ýalpak ýerleriniň suwunyň doňýan wagtyna gabat gelýär.

Sohra guwlary biraz kiçiräk, ýagny agramy 7—12 kilograma golaý bolýar. Ol örän äwmezek bolup, suwdan haýal göterilýär, kenardan has uzakda saklanýar. Tauti guwlary bolsa birneme ulurak, 8—13 kilogram agrama barabar bolýar. Ol adamlaryň barmaýan ýa-da seýrek barýan köllerinde, batgalyklarda, ýalpaklyklarda bolmaga çalyşýar. Ýanwar aýy guwlaryň ýurdumyzyň çäginde iň köpelýän wagtydyr.

 

 

Meňzeş habarlar

Medeniýet Halypa bagşyny ýatlap
24.07.2025   436
Medeniýet Täze taryhy döwrüň medeni galkynyşy
30.06.2025   321
Medeniýet Çarwa ýörelgesi
25.03.2024   1369
Medeniýet Berkarar döwleti islän şahyr
29.07.2024   774
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   765
Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   157
Medeniýet Sungat ojagyndaky bäsleşik
21.10.2025   225
Medeniýet Halypa bagşylara bagyşlandy
13.09.2025   316
image