«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda, telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikler örän guwandyryjy bolýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlary bilen ruhlanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň köp sanlysy oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar.
Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň önümçiligiň dürli ugurlarynda iş alyp barýan telekeçileriniň öňünde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda berjaý edilýän çäreleriň ýokary netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle guwandyryjy sepgitlere eýe bolunmagynda Daşoguz welaýatynyň çäklerinde hereket edýän daýhan hojalyklarynyň, hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň agzalarynyň hem uly goşantlarynyň bardygyny bellemek bolar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda welaýatda şeýle kärhanalaryň, hususy önüm öndürijileriň 3 müňden gowragy bolup, olaryň aglabasynyň amala aşyrýan işleri oba hojalyk, azyk, senagat önümlerini öndürmeklige gönükdirilendir. Şoňa görä-de, olaryň welaýatymyzda bu babatda gazanylýan öňegidişliklerdäki paýlary örän saldamly bolýar.
Welaýatda oba hojalyk önümlerini öndürýän daýhan hojalyklarynyň onlarçasynyň gazanýan netijeleri halkymyzyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Bu barada aýdylanda, Akdepe etrabyndaky «Zemin açary», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Ykbal açary», Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetindäki «Alaý», Garaşsyzlyk etrabyndaky «Zehin açary» we beýleki daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň ene toprakdan pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde köplere görelde bolmagy başarýandyklary bellenilmäge mynasypdyr.
Şonuň ýaly-da ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde Daşoguz şäherinde hereket edýän «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Gubadag etrabyndaky «Sadaja» azyk önümlerini öndürýän toplumyň, Şabat etrabyndaky «Genç» hojalyk jemgyýetiniň uly goşantlarynyň bardygyny nygtamak ýerlikli bolar. Çünki olaryň öndürýän süýt-gatyk, süýji-köke, bal önümleri diňe bir welaýatda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly islege eýe bolýar.
Belli bolşy ýaly, welaýatyň çäklerinde senagat, gurluşyk önümlerini öndürýän telekeçilik kärhanalarynyň sany barha köpelýär. Munuň özi şeýle önümleriň islendik wagtda ilat üçin elýeter bolmagyna şert döredýär. Olaryň hatarynda Şabat etrabyndaky «Amantaý», «Dik aý», Daşoguz şäherindäki «Galkynan ykbal», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Dag merjeni» ýaly hususy kärhanalaryň atlaryny tutmak mümkin. Şeýle kärhanalaryň öndürýän önümlerine bolan islegiň barha artmagy olaryň ýokary hillidigi, bäsdeşlige ukyplydygy bilen baglanyşyklydyr.
Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmek, bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler, hususy önüm öndürijiler üçin oňaýly şertleri döretmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda has-da giň mümkinçilikler açylýar. Şonuň netijesinde ezber telekeçileriň ähli pudaklaryň işine içgin aralaşmak bilen, olaryň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklary örän guwandyryjydyr. Häzirki wagtda olaryň öndürýän dürli görnüşli oba hojalyk, azyk, senagat, gurluşyk önümleriniň möçberleriniň barha artyp, halkymyzyň günsaýyn ösýän islegleriniň doly kanagatlandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde: «Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, milli ykdysadyýetiň, önümçiligiň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döredýär» diýip belleýär. Şeýle möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň işeňňir telekeçileriniň hem mynasyp goşantlarynyň bardygyny aýtmak ýakymly. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda ata Watanymyzda gazanylýan ösüşler guwandyryjydyr.