«Guşy gonanda tut!»
weather dashoguz 35° C Daşoguz

«Guşy gonanda tut!»

Jemgyýet
04.02.2026  137

Halk arasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat häsiýetli goşgularyndan hiç bolmanda bir şygryny, bendini ýa-da setirini bilmeýän ýok bolsa gerek. Onuň şygyrlary ynsanperwerligi, ahlaklylygy wagyz edip, setirleri nakyla öwrülip dilden-dile geçip gelýär. Beýik akyldaryň her şygrynyň döreýşi barada rowaýatlar ýörgünli. Onuň «Dilberiň» atly goşgusynyň döreýşi barada şeýleräk rowaýat bar.

Şahyryň ussahanasy adamsyz bolmaz eken. Kimsi ýüzük, kimsi bedew atyna göwüsbent, eýer, gamçy oňardar eken. Bir gün bir gelin ussadyňka gülýakasyna gaş goýdurmaga gelipdir. Magtymguly onuň gülýakasyna gaş oturtmaga başlapdyr. Ol birden gülýakany goýup, ýanyndaky döwet galamy alyp, bir zatlar ýazmaga başlapdyr. Bu zatlary synlap oturan gelin:

— Şahyr aga, nämä gyssandyňyz? — diýip sorapdyr. Onda Magtymguly:

— Keýgim, bu bir uçup ýören guşdur. Ony gonanda tutmasaň, uçar gider, gülýakaň welin hiç ýere gitmez — diýipdir. Gelin:

— Ol nähili guş bolýar, şahyr aga? Görünýän zat ýok-la?! — diýipdir.

Magtymguly gelniň sowalyna anyk jogap bermän dymypdyr. Şonda Magtymguly Pyragynyň «tutan guşy» «Dilberiň» diýen goşgusy eken.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dabaraly maslahatlar
16.11.2024   355
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   392
Jemgyýet Bagtly geljegiň we ösüşiň binýady
11.02.2026   149
Jemgyýet Dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk
05.08.2025   236
Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   284
Jemgyýet Döwre buýsanjyň beýany
22.01.2026   138
Jemgyýet Ylymlar gününe
12.06.2026   113
image