Tebigatyň gözelligini artdyrýan guşlar hakynda köp maglumatlar bar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde olaryň döreýiş, ýaşaýyş, özlerini alyp baryş, hereketleniş we beýleki aýratynlyklary anyklanylypdyr. Şondan mälim bolşuna görä, dünýäde guşlaryň 8600-den gowrak görnüşi bolup, biziň ýurdumyzda olaryň 422-siniň gabat gelýändigi aýdylýar. Guşlaryň has köp görnüşiniň Merkezi we Günorta Amerika ýurtlarynda ýaşaýandyklaryny-da bellemek gerek.
Guşlaryň daş keşbiniň nähilidigini hemmeler bilýändir. Şonuň üçin hem bu barada aýtmak zerur bolmasa-da, olaryň bedeniniň gyzgynlygynyň ynsanyňkydan has ýokarydygyny, ýagny 42 — 45 derejä barabardygyny nygtamak gerek. Sebäbi bu, guşlaryň köptaraply täsinlikleriniň biridir. Olaryň ganatlary uçmak, guýruklary howada öwrüm etmek üçin ähmiýetlidir. Guşlaryň ýerde gowy hereket edýänleri, suwda ökde ýüzýänleri, oňa çuň çümüp bilýänleri bar. Ýöne olaryň esasy aýratynlyklarynyň biri hem howada uçýandyklarydyr. Özem olaryň käbiri muny örän çalt ýerine ýetirýär. Meselem, bize tanyş bolan garasarlar sagatda 80, gazlar sagatda 90 kilometre çenli tizlik bilen uçmagy başarýarlar.
Guşlaryň uçýan belentlikleri-de dürli-dürlüdir. Bu barada aýdylanda, bir zady nygtamak ýerlikli. Ýagny olar güýze garanyňda ýazda, gündizlerine seredeniňde gijelerine has ýokardan uçýarlar. Häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen guşlaryň ençemesiniň 2,5-3 kilometr belentlikde uçmagyň hötdesinden gelýändikleri kesgitlenildi. Olaryň arasynda ýurdumyzyň tebigatynda duşýan jok-jokylar hem bar.
Guşlaryň ýaşaýan ýerleri bilen baglanyşyklylykda beden gurluşlarynda tapawutlaryň peýda bolýandygy-da bellenilýär. Mysal üçin, olaryň tokaýda ýaşaýanlarynyň dyrnaklary, guýruklary has güýçlüdir. Şeýle hem dag guşlarynyň çüňkleri berk bolsa, suwda ýüzýänleriniň, çümýänleriniň injigi gysga, ýelekleri dykyzdyr. Uly gara ördek suwuň aşagyna 7,2 metre çenli çümüp hem-de şol ýerde 3 minuda çenli saklanyp bilýär. Umuman, guşlaryň ýaşaýşynda täsinlikler örän köp.