Gurt sygyr süýdünden alynýan azyk önümleriniň biri bolupdyr. Sygryň süýdüni bişirip, gatyk edipdirler, gatygy daş küpide ýaýyp, ýagyny alypdyrlar. Aýranyny bolsa çekizehalta guýup, içindäki artyk suwunyň süzülip-bölünip çykmagyny gazanypdyrlar. Şeýle usulda alnan çekizäni tabaga salyp, az-kem külke duz garypdyrlar. Ondan soň aştagta, kendirik ýaly arassa hem-de tekiz ýerlerde el bilen güberçek görnüş berip, ýygyja goýupdyrlar. Ol bolsa ýazyň yssysynda sähel wagtda özüni tutupdyr, onsoň başga ýere göçürilipdir.
Gurt gatap, daş ýaly bolansoň, alyp peýdalanyberipdirler. Häzirki düşünjelere görä, ekologik taýdan şek ýetirip bolmajak arassa, suwa garsaň aýrana öwrülip, uzak wagtlap zaýalanmaýan bu tagam işdäni açýar. Meýdan işlerine gidýän adamlaryň, çopan-çoluklaryň ýanynda suw bar bolsa, gurtdan aýran edip içipdirler. Ol hem-ä suwsuzlygyňy gandyrýar, düzümindäki duzjagaz bolsa kuwwatlandyrýar. Bu ýerde hemme zat hasaply, ulanmaga amatly.