Gurmak, döretmek ýoly bilen
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Gurmak, döretmek ýoly bilen

Jemgyýet
02.11.2024  326

Gurmak, döretmek ýoly bilen

Şeýle şygar bilen TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli guralan maslahata agzalan ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar.

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň uly mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gurluşyk we senagat işgärleriniň gününiň dabaraly bellenilýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeni-durmuş maksatly birnäçe binadyr desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şeýle hem çykyşlarda senagat pudagynda dürli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde onuň paýynyň barha ýokarlanmagyna ýardam edýändigi aýdyldy.

Maslahatyň dowamynda göreldeli zähmet çekýän gurluşyk we senagat pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerine TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýollarymyz asuda bolsun
23.09.2025   110
Jemgyýet Ählumumy abadançylygyň hatyrasyna
04.04.2026   27
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
20.02.2026   59
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
05.02.2026   55
Jemgyýet Şanly ýylymyzyň waspçylary
17.12.2024   291
Jemgyýet Igdeli gürrüň
28.08.2025   160
image