Döredijilikli zähmetiň baýramy
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ajaýyp baýramlar, şanly seneler halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, şatlyk-şowhuna beslenýär. Her ýylyň 3-nji noýabrynda Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, senagat pudaklary ýokary depginde ösýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar. Olaryň her biri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna, dürli görnüşli gurluşyk, senagat önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna şert döredýär.
Bu barada aýdylanda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýratyn bellemek zerur bolup durýar. Çünki olarda halkymyz üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat, durmuş-medeni maksatly desgalar esasy orny eýeleýär.
Şeýle ajaýyp şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň welaýatymyzyň çäklerinde-de gurlup, ýaşaýjylaryň ygtyýaryna berilýändigi örän guwandyryjydyr. Geçen ýyl Bitaraplyk baýramynyň öňýanynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň günorta — günbatar künjeginde 1996 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň, şu ýyl, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly ýagdaýda açylandygy munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem wajyp gurluşyk işleri barha rowaç alýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulyp, gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şonuň ýaly-da, Daşoguz, Köneürgenç şäherlerinde, Şabat, Akdepe, Görogly, Gubadag we beýleki etraplarda ýaşaýyş jaýlarynyň, desgalaryň gurluşyklarynyň öndürijilikli alnyp barylmagy munuň şeýledigini doly tassyklaýar.
Welaýatda senagat önümlerini öndürýän kärhanalaryň amala aşyrýan işleri hem bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň, Daşoguz şäherindäki Serdar pagta egriji, Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleriniň gazanýan netijeleri senagat pudagynyň ösüşine uly goşantdyr.
Gazanylýan bu üstünlikler welaýatyň gurluşyk, senagat pudaklarynda ýadawsyz zähmeti bilen görelde bolýan köp sanly adamlaryň tutanýerliligi, maksadaokgunlylygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň öz işlerine bolan yhlasyna, gazanýan guwandyryjy netijelerine ýokary baha hem berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňýanynda olaryň birnäçesiniň ýokary döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglanylmagy-da munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyzda senagat we gurluşyk işgärleriniň gününiň uly baýram hökmünde dabaralara beslenmegi bolsa olaryň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Baýramyňyz gutly bolsun, hormatly ildeşler!