«Gurýan döwlet gurply» diýlişi ýaly, Daşoguz welaýatynda hem gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhanamyzyň işçileri tarapyndan demirbeton gurnamalary we bordýur, plitalar, keramiki kerpiçler we beýleki esasy gurluşyk serişdeleri ösen tehnologiýalar arkaly taýýarlanylyp, gurluşyk meýdanlaryna bökdençsiz, öz wagtynda ýetirilýär. Şeýle hem ýöriteleşdirilen agyr ýük ulaglary, awtokranlar we kämil maşynlar gurluşygyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna ýardam edýärler. Kärhanamyzyň işçileri onuň ösüşine özleriniň saldamly goşantlaryny goşup gelýärler. Bu tehnikalaryň gurluşyk meýdançalaryna bellenen tertipnama laýyklykda bökdençsiz barmagy iş amallarynyň yzygiderliligini üpjün edýär we wagt ýitgisiniň öňüni alýar.
Bu kärhananyň maddy-tehniki binýadynyň döwrebap derejede berkidilmegi gurluşyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň meýilleşdirilen möhletlerde we ýokary hilli amala aşyrylmagynda esasy şertleriň biri bolup durýandygyny subut edýär. Şu nukdaýnazardan, kärhananyň alyp barýan gurluşyk-önümçilik işleri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine saldamly goşant goşýar. Kärhananyň önümçilik we gurluşyk ulgamynda gazanýan ýokary görkezijileri bolsa ussat hünärmenleriň utgaşykly zähmetiniň hem-de kuwwatly tehniki serişdeleriň netijeli dolandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.