Tahýalaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, aýratyn taryhy, gelip çykyşy, tikilişi, keşdelenilişi, geýliş düzgüni bar. Tahýalar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen ýaly başgaplarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geýilýän tahýalar nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Gültahýa gadymdan bäri gyzlaryň juwanlyk gözelligine görk goşupdyr. Gyzlar tahýany dört örülen saçlary görner ýaly edip geýipdirler. Durmuşa çykýan gyzlar reňkli ýüpek sapaklar bilen tikilen, kümüş şelpeli tahýa geýipdirler. Geçmişde tahýaly gupba guşlaryň ýelegi hem dakylypdyr. Ýelek gyzlary göz degmekden, tahýa bolsa eýesiniň kellesini ýamanlyklardan, kesellerden, beýleki betbagtlyklardan goraýar diýlip ynanylypdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen halky başgaplaryna aýratyn ähmiýet beripdir. Gyzlaryň tahýasyndaky owadan gülleriň şekilleri nuranalygy we gyz päkligini alamatlandyrypdyr. Gyzyl reňk jadyly güýje eýe bolup, erbetlikleriň täsirinden gorapdyr.
Türkmen gelin-gyzlary keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalarda şöhlelendiripdirler. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň hersiniň öz taryhy bar. Şeýle nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatyň nyşanlary jemlenýär. Gültahýanyň gül pürkülen ýaly keşdeli keşbi Aýyň, Günüň, asmanyň, zeminiň, älem-jahanyň baky güllemegini, baharyň bakylygyny, ýaşaýşyň dowamatlylygyny aňladýar. Onuň depesi sekize bölünip, depedäki nagyşlar sekizburçlugy emele getirýär. Bu şekil gadymky sekizşöhleli ýyldyzy alamatlandyrýar. Sekizşöhleli ýyldyzyň şekili Merkezi Aziýanyň sungatynda Gün Hudaýyny şekillendirýär. Gültahýanyň gül-gunçaly keşdeleriniň on ikä bölünmegi, bir ýylda on iki aýyň bardygyny aňladýar. Tahýadaky «gül» nagşy türkmen gyzynyň açylmadyk gunça deňelýändigini görkezýär. Gültahýanyň iň soňky nagşy «tegbentdir». Ol «tegelek bent» diýmegi aňladyp, geljek bela-beteriň öňünde bent bolsun, bu tahýany geýen gyzy gözden-dilden gorasyn diýen ýagşy niýet bilen salynýar. Gültahýanyň depesiniň etegine birikdirilýän ýerine «ýylanagzy» nagşy salynýar. «Ýylanagzy» nagşy ýaman niýetlerden, daşky howp-hatarlardan goraýar diýlen ynanja uýlupdyr.
Toý-märekelerde, milli baýramlarymyzda geýlen gyz tahýalary etegindäki şaýlary, çekelikleri bilen gyzlarymyzy has-da gözel görkezipdir.