Gülleri görkana, elleri çeper
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Gülleri görkana, elleri çeper

Jemgyýet
04.07.2024  427

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň etrap hem şäher tapgyrlary geçirildi.

Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gaýduwsyz gahrymançylygyny, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny zenanlar öz nepis keçeleriniň öçmejek güllerine siňdirip, gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetiripdirler. Keçe sungatynyň iň inçe syrlaryna belet, ony ýerine ýetirmegiň ussatlyk derejesine ýeten zenanlar bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda, türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işler, ýagny ýüň saýlap almak we saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşynyň dokalyşy we keçäni taýýarlamak üçin zerur gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada çykyşlarynda beýan etdiler.

Bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar welaýatyň aýratynlyklaryna laýyklykda, milli nagyşlary salyp, keçäni güllemekde çalasynlyk bilen hereket edip, öz başarnyklaryny açyp görkezdiler. Keçä salnan nagyşlar türkmen sährasynyň gözelligine çalym edip, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini janlandyrdy. Gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlarynyň gülleriniň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary we berkarar döwletimizi wasp edip, öz ýürek buýsançlaryny şahyrana beýan etdiler.

Çekeleşikli geçen bäsleşiklerde ýeňijiler yglan edilip, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat we etrap birleşmeleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşikleriň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze taryhy döwrüň waspçylary
03.12.2025   173
Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   386
Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   180
Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   200
Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   179
Jemgyýet Biziň döwürdeşimiz
04.01.2025   419
Jemgyýet Oraza baýramyna
26.03.2025   350
image