​​​​​​​Güllerden görk alan gözellik
weather dashoguz -2° C Daşoguz

​​​​​​​Güllerden görk alan gözellik

Jemgyýet
08.07.2024  333

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde döwrüň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň golaýda Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna deslapky tapgyrda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy.

Bäsdeş zenanlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirip görkezdiler hem-de onuň üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Soňra öz welaýatyna mahsus bolan güllerden hem-de nagyşlardan salyp keçe gülläp görkezdiler. Keçe bilen baglanyşykly gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallardyr aýdyşyklary ýerine ýetirdiler, taryhy döwrümizi wasp etdiler.

Bäsleşik örän gyzykly, şol bir wagtyň özünde, baý many-mazmunly geçdi. Göwün galkyndyryjy pursatlar bagtyýar zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowamat bolup gelýän, milli gymmatlyk hem sungat derejesinde arzylanýan türkmen keçesini taýýarlamakda ussatlyk derejesine ýetendiklerini açyk-aýdyň görkezdi. Bäsleşik zenanlaryň özara tejribe alyşmagyna, halypa-şägirtlik ýörelgesini dabaralandyrmagyna uly mümkinçilik berdi.

Netijede, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Guýulyk oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Nurgül Tuwakowa, etrapdaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Akmaral Işanberdiýewa dagy birinji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky şäherçesiniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Humar Kadyrowa, etrabyň Ak bugdaý geňeşligindäki Magtymoý oba medeniýet öýüniň müdiri Oguldursun Gurbanowa ikinji, Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşligindäki Boýunbaş oba medeniýet öýüniň müdiri Gözel Sabyrowa, etrapdaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy Akjagül Arazgylyjowa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň zenan aýdymçylarynyň ýerine ýetiren hoş owazly nagmalary ajaýyp pursatlara özboluşly şowhun eçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
26.11.2024   297
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   356
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   236
Jemgyýet «Ekologik medeniýet» atly festiwal
11.11.2024   254
Jemgyýet Parahatlygyň we asudalygyň kepili
04.12.2025   53
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanan dabara
26.11.2025   54
image