Güller bu goja zeminiň ýylgyryşydyr, dünýäniň bezegi, görki, ýaraşygydyr. Elbetde, bu sözler ýöne aýdylan sözler däl. Gülleriň deňinden hiç birimiz biparh geçip bilmeýäris. Sebäbi güllerde gudrat bar, ýakym bar. Olar her kimi biygtyýar özüne çekýär. Güllere gözüň düşende, kalbyň heýjana gelýär, olaryň töwerege bark urýan ysyndan ganyp bilmeýärsiň. Owadan güller gadym döwürde-de bereketli topragymyzda ýörite ösdürilip ýetişdirilipdir. «Şasenem-Garyp» dessanyndan bir pursady ýadyňyza salyň! Şasenemiň goja bagbany her sabada onuň üçin bagyň iň owadan güllerinden çemen bogup gelýändir.
Adamlar birek-birege belli seneler mynasybetli çemen sowgat berenlerinde gül bilen kalbynyň ýyly mährini hem gowşurýarlar. Çünki güllerde mylaýymlyk bar, ýylgyryş bar, gudrat bar. Aşyk ýigit magşugyna söýgüsini bildirende gül sowgat berýär. Güller aşyklaryň söýgüsiniň subutnamasy, gözel duýgynyň nyşanydyr. Güller her bir adama şatlyk, söýgi paýlaýar. Hatda gyşda hem zeminiň gursagyny ýaryp çykyşy ýaly, güller doňan ýürekleri-de eredip, olara mähir kuýaşyny çaýýar. Bu gülleriň ýene bir gudratydyr. Güller teşne kalbyňy gandyrýar. Güller bilen zenanlarda meňzeşlik bar diýýärler. Bu dogrudan hem şeýle.
Zenanlaryň göwünlerem sözlerem, syratlaram edil güller ýaly näzik, gözel. Şonuň üçinem bu iki gözelligi biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Gelin-gyzlarymyzyň geýýän milli lybaslary, daňynýan al-ýaşyl öýmeleri ajaýyp çemeni ýatladýar. Olar bir-birine meňzeş. Şonuň üçin hem zenanlaryň durmuşynda gülleriň aýratyn orny bar. Hatda olaryň atlaram güller bilen bagly dakylýar.
Güller — gelin-gyzlaryň ýaşaýşynyň bir bölegi.