Güller — göwünleriň bezegi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Güller — göwünleriň bezegi

Jemgyýet
18.04.2024  509

Ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäherdir obalaryny has-da gözelleşdirmek, abadanlaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň, bu ugurdaky goldawlaryň guwandyryjy netijeleri berýändigini Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde, meýdançalarynda, edara-kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň töwereklerinde emele gelýän gözel görnüşler ýylsaýyn artyp, hemmeleriň ünsüni çekýär.

Bu ýerde alnyp barylýan şeýle işlere Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hatarynda kärhananyň ýyladyşhana bölüminiň agzalarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýtmak bolar.

Bu bölümde 50-ä golaý adam zähmet çekýär. Olaryň esasy bölegi gelin-gyzlardan ybarat.Şu ýyl ýyladyşhanada dürli tohumdan bolan gülleriň 500 müň düýpden gowragy ýetişdirildi. Häzirki günlerde bolsa olary şäheriň köçeleriniň ugrundaky, seýilgählerindäki bellenilen ýerlerde oturtmakişleri alnyp barylýar. Ýyladyşhananyň işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, şäheriň gözelligi artýar.

Jemi meýdany 10 gektardan gowrak bolan ýyladyşhanada gülleri ýetişdirmek, olary degişli ýerlere ugratmak, meýdanlarda oturtmak işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Belent ymaratlary, giň köçeleri, seýilgähleri bilen barha gözelleşýän Daşoguz şäheri göze ýakymly baglary, gülleri bilen öz ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň göwünlerini galkyndyryp, kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Onda hem agzalan kärhananyň işgärleriniň bu ugurdaky ýadawsyz zähmeti uly orna eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Il saglygy — ýurt baýlygy
03.04.2026   80
Jemgyýet Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
05.05.2025   304
Jemgyýet Möhüm möwsümiň bosagasynda
27.05.2024   425
Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   136
Jemgyýet Bagtyýarlyga beslenýän günler
09.08.2025   225
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   295
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   421
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   354
image