Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

Jemgyýet
07.01.2026  172

Eşretli durmuşyň goýnunda kemala gelýän bagtyýar çagalar Watanymyzyň göz-guwanjy, ýurdumyzyň ertirki eýeleridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller baradaky taýsyz tagallalary döwrümiziň altyn nesilleriniň okamaga, öwrenmäge bolan yhlasyny has-da artdyrýar, olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmaga, ders, döredijilik bäsleşiklerinde, döwlet we halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň at-abraýyny beýgeltmäge goşant goşmaga uly itergi berýär.

Golaýda paýtagtymyzda ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýandygy, ýokary döredijilik başarnygyny we işjeňligini görkezýändigi, gowy okaýandygy, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýandygy, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygy üçin zehinli çagalaryň ençemesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy.

Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda Daşoguz welaýatyndan zehinli çagalaryň birnäçesi, ýagny Akdepe etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Sähet Sahedow, 53-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mährem Ataýewa, Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Annabike Otuzowa, şol etrapdaky 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Şanur Berdiýew, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Zyýada Täçmuhammedowa, şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Sähra Täjimyradowa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Aýgözel Hankulyýewa, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Söhbet Atabaýew, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Didar Hupbaýew, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Salyh Baýramgeldiýew, 13-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Jolly Pirnepesow, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Abadan Geldiýewa, 12-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Halmyrat Dowulow dagy hem bar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   438
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik taglymaty
17.06.2025   290
Jemgyýet Dabaraly maslahat
21.08.2025   212
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry
31.10.2024   437
Jemgyýet Köňülleriň çyragy sen, Pyragy!
10.04.2024   410
image