Gül zeminiň zynaty
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gül zeminiň zynaty

Jemgyýet
07.03.2026  54

Döwletimiziň durmuşynda taryhy ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Özüniň baş şygaryna mynasyp işleriň durmuşa geçirilýän we berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny has-da artdyran şu ýylda hem belent maksatly işlere badalga berlip, oňa işjeň goşulyşmak tutuş halkymyzyň, şol sanda zenanlaryň hem baş maksadyna öwrülýär. Zenanlar jemgyýetimiziň örän aňyrdan gözbaş alyp gaýdýan ahlak we demokratik ýörelgeleriniň giňden dabaralandyrylýan häzirki gülläp ösüş döwrümizde döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda tutanýerli zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar maşgala ojaklarynyň abat, abadan bolmagyny üpjün edip, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde aýratyn hyzmat bitirýärler. Döwrüň ýaňyna ses goşup, işjeň çykyş edýän zenanlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli zähmet çekýärler, taryhy döwrümizi iň ajaýyp işleri bilen bezemäge we baýlaşdyrmaga, beýgeltmäge çalyşýarlar.

Ýurdumyzda  alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özeninde türkmen zenanlary hakdaky tagallaly tutumlar hem öz beýanyny tapýar. Oňa laýyklykda halal hem tutanýerli işlemäge, bagtyýar ýaşamaga, arkaýyn dynç almaga mynasyp şertleriň döredilýändigi, çaga dogran enelere birwagtlaýyn kömek pulunyň we çagasy üç ýaşa ýetýänçä zähmet rugsadynyň berilýändigi, ýaş çatynjalara durmuşda zerur bolan ilkinji nobatdaky wajyp zatlary satyn almak üçin ýeňillikleriň uly toplumynyň döredilýändigi, Maşgala kodeksiniň hereket edýändigi, ýurdumyzyň ösüşlerini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan mährem eneleriň döwlet sylagy bilen sylaglanýandygy, şeýle hem köp çagaly enelere mynasyp atlaryň dakylýandygy, olara ýörite ýeňillikleriň berilýändigi, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli kiçi ýaşly gyzjagazlardan başlap, kümüş saçly enelere çenli baýramçylyk pul sylaglarynyň gowşurylýandygy ýaly tutumly işleriň hakykaty zemine zynat berýän zenanlaryň bagtly durmuşynyň üpjün edilýändigini görkezýär.

Özleri hakdaky şeýle uly aladalara mähriban zenanlarymyz mynasyp işleri bilen jogap berýärler. Bu günki gün türkmen zenanlarynyň on barmagynyň oýnamyndan çykan nepis işleri ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan görnükli orun alyp, tutuş dünýäde giňden öwrenilýär hem wagyz edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda işleriň sazlaşykly häsiýetde guralyp, döwrebap ösüş maksadyndaky özgertmeleriň netijeli amala aşyrylýandygynyň, gadymdan gelýän asylly ýörelgelere ygrarlylygyň aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   185
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli ýoly
08.08.2024   350
Jemgyýet Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi
12.04.2024   408
Jemgyýet Belent buýsanjyň nyşany
01.01.2025   272
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
10.07.2025   293
Jemgyýet Hoş habaryň ýakymy
02.01.2025   329
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   125
image