Gül Diýaryň belent waspy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Gül Diýaryň belent waspy

Medeniýet
25.05.2024  481

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi aýdym-saza höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda örän ähmiýetlidir. Daşoguz şäherindäki Bagtyýar zaman medeniýet merkezinde bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry uly ruhubelentlikde geçirildi. Oňa zehinli ýaşlaryň 8-si gatnaşdy.

«Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň şäher tapgyrynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlar milli medeniýetimiziň ösmegine, aýdym-saz sungatynyň barha rowaçlanmagyna goşant goşmaga höwesli ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny görkezdi. Bäsleşigiň dowamynda birinji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Munisa Hudaýbergenowa, ikinji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Humaý Batyrowa, üçünji orna bolsa Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Röwşen Gurbannazarow mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, şeýle hem olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
03.06.2025   508
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   49
Medeniýet Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy
26.03.2025   462
Medeniýet «Agşam bir gyz gopuz çaldy...»
27.10.2025   212
Medeniýet Baýramçylyga bagyşlanan çäre
26.04.2024   527
image