Gül baharyň waspy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Gül baharyň waspy

Jemgyýet
04.03.2026  73

Gadymy türkmen topragyna bahar geldi. Tebigatyň jana girýän bu ajaýyp pasly barada goşgy ýazmadyk şahyr ýok bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň «Men seniň ýanyňa geldim» diýen ajaýyp goşgusynda belleýşi ýaly, bu baharlar bagty buşlaýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar pasly hem eziz Diýarymyza uly toý bolup geldi. Bedew batly ösüşleriň dabaralanýan günlerinde ajaýyp baharyň joşguny ähli kalplary gurşap aldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Bedew» goşgusynda:

Pasly-bahar güle çümen çaglary,

Bark uranda sähra-düzi, daglary,

Göwün at üstünde ganat baglady,

Seýle çykyp alys ýollara bedew —

diýen joşgunly setirlerinde behişdi bedewlerimiziň keşbiniň üsti bilen baharyň nowjuwan görnüşi täsirli suratlandyrylýar. Bu bolsa şanly ýylymyzyň şygarynyň behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda has-da ähmiýetlidir. Ynsan durmuşyny suratlandyrýan, ynsan häsiýetini açýan çeper döredijilik hem bahar pasly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýazyň ajaýyp görnüşi kalbyna ylham bagyşlan şahyrlarymyzyň goşgy setirlerini nurana baharyň ilkinji günlerinde ýatlap geçmek ýakymlydyr. Bu ajaýyp paslyň ilkinji pursatlarynda şahyr Halyl Kulyýewiň:

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,

Pyntyklady alma bilen badamlar.

Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör,

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! —

diýen setiri biygtyýar seriňe dolýar.

Nurana baharyň ilkinji gününde doglan şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde hem bahar waspy örän ussatlyk bilen işlenipdir. Şahyryň:

Bahar säher bilen başlady işe,

Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.

Baldaklary gök reňke boýady,

Gülälekler al öwüsdi dessine. —

diýip, belläp geçişi ýaly, baharda erik gülläp, gülälekler al öwüsýär. Ak säherlerde baharyň hoştap howasyndan dynç almaga çykanyňda şahyryň «Türkmen sährasyna» hiňleneniňi duýman galýarsyň. Türkmen tebigatynyň joşgunly waspy bolup ýaňlanýan bu goşgy setirlerine döredilen aýdym indi birnäçe ýyllardan bäri ýüreklerde ýaşap gelýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gül zeminiň zynaty
07.03.2026   65
Jemgyýet Ýollarymyz abadan bolsun!
11.09.2025   169
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirilýär
19.07.2024   435
Jemgyýet Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
06.11.2024   389
Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
25.12.2024   380
Jemgyýet Köneürgenjim — taryhym hem buýsanjym
14.01.2025   333
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   323
image