​​​​​​​Gözelligiň we edebiň sazlaşygy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

​​​​​​​Gözelligiň we edebiň sazlaşygy

Jemgyýet
22.07.2026  75

Golaýda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde zenanlar üç şert boýunça çykyş etdiler. Eminler  tarapyndan her toparyň ukyp-başarnygyna, ussatlygyna baha berildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşige Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Ogultäç Tuwakowa bilen şol etrabyň medeniýet merkeziniň suratkeş bezegçisi Göwher Saparowa gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere we işjeň çykyş eden zenanlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň, folklor tans toparynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   347
Jemgyýet Bagtyýarlygyň nusgalyk ýoly
05.12.2025   197
Jemgyýet Baky bagtyň mekany
16.02.2026   146
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
13.11.2025   177
Jemgyýet Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi
20.03.2024   512
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
16.01.2025   504
Jemgyýet Ruhy lezzet paýlady
05.08.2024   427
image