Gözel tebigatyň goragynda
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Gözel tebigatyň goragynda

Ykdysadyýet
27.07.2024  330

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny düşündirmek, ýaşlaryň garaýyşlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çärelere, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-durmuş wakalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurdaky möhüm işleriň biri boldy.

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby ozal 1985, 1999, 2011-nji ýyllarda neşir edilip, olara ýabany ösümlikleriň, haýwanlaryň seýrek duş gelýän, sany kemelýän, ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri girizilipdi. Täze neşiriň hem bu ýörelgelerden, olary has kämilleşdirmekden ugur alnyp, bu baradaky dünýä tejribeleri içgin öwrenilip taýýarlanylandygy bellenilýär. Munuň özi kitaba girizilen ösümlikleri, haýwanlary goramak, köpeltmek boýunça iş geçirmekde has giň mümkinçilikleri açýar.

Berilýän maglumatlara görä, biziň ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik, haýwanat dünýäsi örän baýdyr. Başgaça aýdylanda, onuň çäklerinde oňurgasyz haýwanlaryň 12 müňden, oňurgaly haýwanlaryň 700-den gowragy gabat gelýär. Ösümlikler barada aýdylanda, diňe Garagum çölüniň ösümlik örtüginiň 6 müňden gowrak görnüşden ybaratdygyny bellemek gerek. Olaryň onlarçasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ozalky we häzirki neşirlerine girizilendir.

Daşoguz welaýatynyň sähra-çöllerinde hem bu kitapda hasaba alnan haýwanlaryň, ösümlikleriň köp sanlysy duşýar. Olaryň hatarynda oňurgaly haýwanlardan keýik, Üstýurt aýragy, gulan, saýgak, itaýy, garagulak, manul, köwük, Bobrinskiniň hem-de Blanfordyň atýalmanlary, oňurgasyz haýwanlardan wažžyldawuk antiýa tomzagy, buýnuz ganat empuza we beýlekiler bar. Şonuň ýaly-da, şu ýerde ösýän çägemik, hywa şorasy ýaly ösümlikler hem bu kitapda orun alandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen şu we beýleki haýwanlary, guşlary, ösümlikleri goramaklyga, köpeltmeklige aýratyn uly üns berilýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ak hanalaryň belent harmany
24.10.2025   179
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   166
Ykdysadyýet Täze tehnikalar gelip gowuşdy
09.08.2024   377
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   323
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   320
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
14.05.2024   356
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   65
image