Gözel tebigatyň goragynda
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Gözel tebigatyň goragynda

Jemgyýet
08.04.2024  200

Daşoguz welaýat Daşky gurşawy goramak müdirligi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi bilen bilelikde welaýatyň tokaýlarynda, sähralarynda we çöllerinde ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli çärelere bagyşlanan okuw maslahatyny gurady. Oňa welaýatyň çäklerinde bu ugurda hereket edýän gulluklaryň, degişli edara-kärhanalaryň wekilleri, hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda edilen çykyşlardan görnüşi ýaly, ýaz-tomus pasyllarynda howanyň maýlamagy, soňra gyzmagy bilen, ýurdumyzyň, şol sanda welaýatyň tokaýlarynda, sähralarynda we çöllerinde ýangyn döremek howpy artýar. Munuň hem esasy sebäbi şol ýerlere ildeşlerimiziň dynç almaga, gezelenç etmäge köpçülikleýin çykmaklaryna, şonuň ýaly-da, olaryň hojalyk maksatly işler bilen meşgullanmaklaryna bagly bolýar. Şonuň üçin hem şeýle hadysalaryň öňüni almak babatda zerur çäreleriň amala aşyrylmagy, ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň amala aşyrylmagy zerurdyr.

Tebigatymyzyň bezegi bolan tokaýlar, sähralar, çöller biziň baýlygymyzdyr. Ony goramak her bir adamyň borjy bolup durýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   135
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly
24.06.2025   49
Jemgyýet «Talyp joşguny» bäsleşigi geçirildi
07.12.2024   156
Jemgyýet Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
07.06.2024   196
Jemgyýet Alma
01.04.2024   198
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirilýär
19.07.2024   213
Jemgyýet Oraza baýramyna
26.03.2025   112
Jemgyýet Tizlikden ruhlanýan türgen
13.08.2024   157
image