Göwün açyjy pursatlar
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Göwün açyjy pursatlar

Jemgyýet
24.07.2026  59

Tomus çagalar üçin iň garaşylýan, gyzykly we şadyýan günlerden doly dynç alyş döwrüdir. Okuw ýylynyň dowamynda toplanan bilimleri, çekilen zähmeti jemläp, çagalar bu dynç alyşda öz fiziki we ruhy saglyklaryny berkitmäge, täze tanyşlyklary açmaga we öz alan bilimlerini durmuş tejribesi bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik alýarlar. Tomusky dynç alyş çaganyň giň dünýägaraýyşly, sagdyn we döredijilikli şahsyýet bolup ýetişmegi üçin hem möhümdir. Şonuň üçin dynç alşy meýilnamalaýyn guramak möhümdir. Ýurdumyzda hereket edýän ähli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem şu maksatdan ugur alnyp düzülen meýilnama esasynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Arassa howada gezelenç etmek, suwda ýüzmek, sport oýunlary bilen meşgullanmak olaryň bedenleriniň fiziki taýdan berkemegine ýardam edýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan gyzykly ertekileri, hekaýalary we powestleri okamaklary bolsa, çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak bilen, olaryň hyýal güýjüni we pikirleniş ukybyny ösdürýär. Surat çekmek, aýdym-saz, el zähmeti bilen meşgullanmak çagalaryň zehinini açmaga kömek edýär.

Ajaýyp ruhda guralan tomusky dynç alyş çagalaryň ýadynda ýakymly ýatlamalar bolup galar we olary täze okuw ýylyna uly höwes bilen başlamaga ruhlandyrar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   196
Jemgyýet Bol suw — bereketli hasyl
22.01.2025   366
Jemgyýet Tomus — 2026
17.06.2026   66
Jemgyýet Milli ýörelgeler dabaralanýar
14.05.2025   298
Jemgyýet Bilimden paýly nesiller
02.09.2024   504
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   149
image